Geljek programmalar



Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2380

E-mail:
hat@azatradio.org

Goşmaça maglumat

Walýuta

USD / 
EUR
1,3767
EUR / 
RUB
0,0233
RUB / 
USD
31,108

Täzelikler

Türkmenistanda maşgala zorlugyna garşy telefon liniýasy açyldy

09.09.2009

Türkmenistanda maşgalada zorluga sezewar bolýanlara niýetlenip, düýn 7-nji sentýabrda ýörite “gyzgyn telefon liniýasynyň” açylandygy barada Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Türkmenistandaky bölümi metbugat beýanaty ýaýratdy.

Bu telefon liniýalarynyň hepdede 6 gün, her gün bolsa 11 sagadyň dowamynda işlejekdigi maglumat berilýär.

Jaňlara “Keýik okara” atly hökümete degişli däl guramanyň işgärleriniň jogap berjekdigi aýdylýar.

“Bu telefon liniýalary maşgalada zörlyga sezewar bolýanlara kömek edip, bu problemanyň öňuni almak meselesine, maşgala zorlugyna garşy göreşiň möhümdigine ünsi çeker”, diýip ÝHHG Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy ilçi Arsim Zikolli aýdýar.

ÝHHG guramasynyň goldawynda amala aşyrylýan bu proýektiň çäginde “Keýik okara” atly hökümete degişli däl guramanyň işgärleri öýdäki zorlugyň pidalaryna mugt ýuridiki konsultasiýalary berip, olary psihologiýa taýdan goldarlar diýlip, maglumatda aýdylýar.

Şeýlede bu hökümete degişli däl gurama halkyň bu problema barada bilimini artyrmak maksady bilen maşgalada ýüze çykýan zorluk dogrusynda 15 seminar gurnar diýlip, ÝHHG-niň Türkmenistandaky bölüminiň ýaýradan metbugat beýanatynda aýdylýar.

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSSMobil