Geljek programmalar



Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2380

E-mail:
hat@azatradio.org

Goşmaça maglumat

Walýuta

USD / 
EUR
1,3767
EUR / 
RUB
0,0233
RUB / 
USD
31,108

Täzelikler

Beýik Britaniýanyň wekili Aşgabada bardy

28.07.2009

Düýn Beýik Britaniýanyň halkara söwda-senagat we inwestisiýa meselesi boýunça ýörite wekili şazada Andrýu-Gersog Ýorkskiý Türkmenistana saparynyň barşynda Aşgabatda prezident Berdimuhammedow bilen duşuşdy.

Bu duşuşykda Beýik Britaniýanyň ýörite wekili Türkmenistanyň öz energiýa resurslaryny diwersifikasiýa edip, dünýä bazaryna çykarmak ugrundaky inisiatiwasyny goldaýandygyny aýtdy. Şeýle hem duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Beýik Britaniýnyň gatnaşyklaryny ösdümekligiň perspektiwalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu gürrüňdeşlikde söwda, inwestisiýa we ýangyç-energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyklar bilen bagly meseleler aýratyn üns merkezinde boldy.

Beýik Britaniýanyň halkara söwda-senagat we inwestisiýa meselesi boýunça ýörite wekili şazada Andrýu-Gersog Ýorkskiý düýn Türkmenistanyň ministrler kabinetinde we Daşary işler ministrliginde-de ençeme möhüm duşuşyklar geçirdi – diýip, Türkmen Döwlet Habarlar gullugy öz maglumatynda ýazýar.

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSSMobil